Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti heläkçilikli suw joşgunlary zerarly HHR-yň Başlygyna gynanç bildirdi

23:0614.07.2020
0
21456

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň birnäçe welaýatlarynda bolup geçen giň gerimli suw joşgunlary netijesinde köp sanly adam pidalary, şikes ýetmeleri hem-de uly möçberli weýrançylyklar zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Hytaý Halk Respublikasynda ýagan güýçli çagba ýurduň uzak taryhyndaky iň uly suw joşgunyny emele getirdi. "Suw joşguny 30 milliona golaý adama täsirini ýetirdi. 141 adam bolsa aradan çykdy ýa-da dereksiz ýitdi. 29 müň öýde ýaşaýan 2 milliondan gowrak adam başga ýerlere göçürilmeli boldy" diýip, metbugat serişdelerinde habar berilýär.

"Suw joşgunlarynyň häzirki ýetiren zyýany 82,2 milliard ýuana (11,75 million dollara) deň" diýip, Interfaksyň habarynda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň