Soňky habarlar

Arhiw

DIM-iň ýolbaşçysy BSGG-niň Türkmenistana gelen bilermenleri bilen duşuşdy

21:0710.07.2020
0
51817

2020-nji ýylyň 10-njy iýulynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri R.Meredowyň Türkmenistana iş sapary bilen gelen BSGG-nyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň konsultatiw-tehniki missiýasynyň bilermenleri bilen duşuşygy geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, BSGG-nyň ÝSE-nyň wekiliýeti COVID-19 garşy taýýarlygy we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň çäklerinde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän çäreler we hereketler bilen tanyşmak hem-de olara syn bermek maksady bilen Türkmenistana geldi.

Söhbetdeşligiň barşynda R.Meredow Türkmenistanyň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň işjeňligini hem-de netijeliligini nygtady we türkmen tarapynyň BSGG-nyň berýan maslahatlaryna gyşarnyksyz eýerýändigini hem belläp geçdi. Şunuň bilen birlikde, pandemiýa garşy gönükdirilen ähmiýetli göreşde Türkmenistanyň halkara hem-de sebit derejesinde köpugurly hyzmatdaşlyga hemmetaraplaýyn taýýarlygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Öz gezeginde, BSGG-nyň Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Paulina Karwowska BSGG-niň ýolbaşçylarynyň adyndan BSGG-nyň ÝSE-nyň wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň ýokary derejede guralandygy we hemmetaraplaýyn utgaşdyrmakda beren goldawy üçin Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistanyň COVID-19 ýokanç keseline garşy giň gerimli göreş alyp barmaga gönükdirilen tagallalarynyň, şol sanda Alym-lukmanlaryň halkara geňeşiniň döredilmegi baradaky başlangyjy we ýurdumyzyň «COVID-19 garşy tehnologiýalara ygtyýarlyk platformasyna» (C-TAP) goşulmagynyň aýratyn ähmiýetlidigi nygtaldy. Bu Platformanyň aýratynlyklary barada BSGG-nyň ÝSE-nyň adatdan daşary ýagdaýlaryň meseleleri boýunça baş hünärmeni, bu missiýanyň ýolbaşçysy Katrin Smolwud gürrüň berdi.

DIM-iň ýolbaşçysy şeýle-de häzirki wagtda Ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygy we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň milli meýilnamasynyň işjeň durmuşa geçirilýändigini belläp geçdi. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasy hem tassyklanyldy we ol koronawirus ýokanjynyň ýurdumyzyň çägine getirilmeginiň öňüni almak boýunça ähli edaralaryň taýýarlygyny göz öňünde tutýar.

Ministr şeýle hem häzirki wagtda Türkmenistanyň COVID-19 ýokanjyna garşy göreşmek boýunça ýurdumyz tarapyndan durmuşa geçirilýän çäreleriň ynsanperwerlik ugurly düzüjilerini gurşap alýan üçünji milli meýilnamanyň işlenilip düzülýändini hem aýratyn nygtady.

Aýratyn hem şübhe dörediji ýagdaýlaryň ählisini derwaýys ýagdaýda seljermek, şol sanda olar dogrusynda gaýragoýulmasyz çäreleriň durmuşa geçirilmegi barada habar bermek üçin Türkmenistanyň ýeterlik mümkinçilikleriniň we serişdeleriniň bardygy hem bellenilip geçildi.

Bu ugurda koronawirusyň täze görnüşiniň howada uzak wagtyň dowamynda saklanmaga ukyply bolan owunjak aerozol damjalary arkaly ýaýramak mümkinçiliklerini tassyklaýan ylmy barlaglar nazarda tutulmagy bilen, aýratyn goragy talap edýän töwekgelçiligiň derejesi, şol sanda ony pese gaçyrmagyň usullary barada jemgyýetçiligiň habardar edilmegi boýunça işjeň maglumat beriji kampaniýa hem geçirilýär.

Şu gün, BSGG-niň ÝSE-nyň wekiliýeti Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçylary bilen hem duşuşyk geçirdi, ol ýerde ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyň we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň çäklerinde milli derejede durmuşa geçirilýän hereketler ara alnyp maslahatlaşdyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň