«Milli goşun» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

23:5009.07.2020
0
2781
«Milli goşun» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnalynyň şu ýyldaky ikinji sany çapdan çykdy ― diýip, TDH ýazýar.

Jemgyýetçilik-syýasy, harby-taryhy we ylmy-usulyýet neşiri ýaş nesilleriň watançylyk ruhunda terbiýelenmegi hem-de Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we ýolbaşçylygy esasynda ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleriň çäklerinde ýetilen sepgitleri hem-de üstünlikleri beýan etmegi öz içine alýar.

Žurnalyň nobatdaky sany ýurdumyzda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanan giňişleýin makaladan başlanýar. Onda halkymyzyň mähriban topragy goran gahrymanlaryna hemişe uly hormat bilen garandygy, watançy esgerleriň Beýik Ýeňşe mynasyp goşant goşandygy barada habar berilýär.

Köpöwüşginli bezegli makalada Aşgabatdaky «Halk hakydasy» ýadygärlik toplumynyň öňündäki meýdançada 9-njy maý güni milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişiň geçirilendigi barada aýdylýar.

Şeýle hem harby-watançylyk žurnalynyň nobatdaky sanynyň 1-nji sahypasyna milletiň Lideriniň «Durnalar» aýdymy barada ýatlama» goşgusynyň golýazma görnüşi we döwlet Baştutanynyň agtygy Ogulbäbek Berdimuhamedowanyň çeken suraty ýerleşdirildi.

Žurnalyň makalalarynyň hatarynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebine barandygy baradaky makala bar. Makalada Watan goragçylarynyň täze nesillerini terbiýeläp ýetişdirmek hakynda gürrüň berilýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan baýramçylyk çäreleri baradaky maglumat hem žurnalda möhüm orun eýeleýär.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde we beýleki goşun düzümlerinde 2020-nji ýylyň ýazky çagyryş möwsüminiň geçirilişi baradaky makala žurnalyň sahypalaryny dowam edýär. Onda raýatlary harby gulluga çagyrmagyň tertibine girizilen täzeçil ýörelgeler beýan edilýär.

Žurnalyň merkezi sahypasynda Türkmenistanyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen hyzmatdaşlygy hakyndaky maglumatlar, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmekde gazanylýan üstünlikler barada gürrüň berýän habarlar ýerleşdirildi.

Ömrüni Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde terbiýeçilik işlerine bagyşlan, 25 ýyllyk iş tejribesi bolan serkerde bilen bolan söhbetdeşlik žurnalda möhüm orun eýeleýär.

Şeýle hem žurnalda milletiň Lideriniň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ulag ulgamynyň ösdürilmegine we bu ugurdaky kanunçylygyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen ylmy makalalar bar.

Harby-taryhy mowzukdaky makalalar okyjylar köpçüligine hödürlenilýär. Şolaryň birinde ahalteke bedewiniň şekillendiriş sungatyndaky keşbi barada gürrüň berilýär. Beýlekisinde bolsa, türkmen topragynyň gaýduwsyz goragçysy Guly Serdaryň durmuş ýoly bilen tanyşdyrylýar.

Şeýle hem žurnalda belli türkmen şahyrlarynyň Beýik Watançylyk urşuna bagyşlanan goşgulary, sagdyn durmuş ýörelgeleri barada maslahatlar, dünýäniň harby tehnologiýasyna degişli möhüm täzelikler we beýleki maglumatlar çap edilýär.

Ýokary hilli fotosuratlar, degişli maglumatlar žurnalyň häsiýetli aýratynlygydyr. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Milli Goşunyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak hakynda gürrüň berýän many-mazmunly makalalar sazlaşykly utgaşdyrylýar.

Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen «Milli goşun» žurnaly türkmen dilinde çärýekde bir gezek neşir edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň