«Syýasat we jemgyýet» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

22:3308.07.2020
0
6085

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan neşir edilýän «Syýasat we jemgyýet» ylmy-nazaryýet žurnalynyň nobatdaky sany — 7-nji goýberilişi çapdan çykdy. Žurnalyň sahypalarynda ýerleşdirilen köp taraply seljeriş makalalarynda, habarlarda we hasabat maglumatlarynda milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp taraply döwlet syýasatynyň wajyp hem-de möhüm ugurlary beýan edilýär ― diýip, TDH ýazýar.

Žurnalyň bu sany seljeriş-analitik makala bilen açylýar. Onda döwlet Baştutanynyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ylmy taýdan esaslandyrylan we maksada gönükdirilen ösüşiň toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalarynyň ýurdumyzyň öndüriji güýjüniň depginli ösüşini üpjün edýändigi bellenilýär.

Başga bir makala 2019-njy ýylda halk hojalyk toplumynyň depginli ösüşine bagyşlanýar. Makalada döwlet Baştutanynyň geçen ýylyň fewralynda kabul eden Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» ähmiýeti barada gürrüň berilýär.

Žurnalyň sahypalarynda köp ugurly döwlet ýaşlar syýasaty hem öz beýanyny tapdy. Makalada ýaşlary terbiýelemekde milli mirasyň eýeleýän orny hakynda gürrüň berilýär.

Žurnalda ýerleşdirilen makalalarda döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda halkara giňişligindäki durmuşa geçirilýän syýasatyň esasy ugurlaryna garalýar.

Makalalaryň ýene biri döwlet Baştutanynyň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlän suw diplomatiýasyna bagyşlanýar. Merkezi Aziýada suw meselesi möhüm, käbir halatda bolsa sebit ösüşiniň özenine öwrülýär.

«Syýasat we jemgyýet» ýyllyk žurnalynda çap edilen makalalaryň wajyplygy diňe bir hünärmenleriň arasynda däl, eýsem, köp sanly okyjylarda-da uly gyzyklanma döretjekdigini ikuçsyzdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň