Türkiýäniň «Altınyıldız Classics» brendiniň Türkmenistandaky ilkinji dükany açyldy

22:1601.07.2020
0
30361

Türkiýäniň «Altınyıldız Classics» erkek lybaslary brendi Türkmenistandaky ilkinji dükanyny açdy. Alyjylar indi «Berkarar» söwda-dynç alyş toplumyndaky dükandan bu brende degişli lybaslary satyn alyp bilerler diýip, «Anadolu» habarlar agentligi ýazýar.

Täze söwda nokady 120 inedördül metr meýdany tutýar. Ondaky erkek lybaslarynyň köpdürlüligi bolsa alyjylar üçin uly artykmaçlykdyr.

Kompaniýanyň halkara söwda we satyş boýunça müdiri Osman Çawuşogly şu güne çenli 21 döwletde «Altınyıldız Classics» dükanlarynyň açylandygyny aýdýar.

— Aşgabatdaky iň iri söwda merkezleriniň birinde Türkmenistandaky ilkinji dükanymyzy açmak bizde çäksiz kanagatlanma döredýär. Öňümizdäki iki ýylyň içinde Türkmenistanda ýene-de üç dükanymyzy açmagy meýilleşdirýäris. Umuman, daşary ýurtlardaky dükanlaryň sanyny 35-e çenli çykarmak meýlimiz bar. Olaryň gerimi Demirgazyk Afrikadan Ýewropa çenli uzaýar ― diýip, Çawuşogly aýdýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň