Batyr Babaýew Türkmenistanyň futbol çempionaty ― 2020-de, häzirlikçe, iň gowy derwezewan

23:0523.06.2020
0
3809
Batyr Babaýew Türkmenistanyň futbol çempionaty ― 2020-de, häzirlikçe, iň gowy derwezewan

Türkmenistanyň futbol çempionatynda tomusky arakesmä çykyldy. Yzda galan 14 tapgyryň duşuşyklaryndan soňra «Ahalyň» derwezeçisi Batyr Babaýew ähli toparlaryň derwezeçileriniň arasynda iň gowy netijäni görkezdi.

«Türkmenportalyň» statistiki maglumatlaryna görä, 28 ýaşly derwezeçi 14 duşuşygyň 12-sinde 1080 minutlap derwezäni gorady. Şol duşuşyklaryň 7-sinde garşydaş toparlar «Ahalyň» derwezesine pökgi geçirip bilmediler.

Maglumatlar birinji ýarymyň iň gowy derwezeçileriniň ikinji ornunda «Şagadamyň» 36 ýaşly derwezeçisi Nikita Gorbunowy görkezýär. Kenarýaka toparyň baş tälimçisi derwezäni 14 duşuşykda hem oňa ynandy. Tälimçiniň ynamyna mynasyp jogap berip, toparynyň üçünji orna çenli çykmagyna uly goşant goşan derwezeçi şol duşuşyklaryň 5-sinde goraýan derwezesine pökgi geçirtmedi. Nikita Gorbunow 14 duşuşykda 1260 minutlap derwezäni gorady.

Sanawyň üçünji-dördünji orunlaryndaa «Aşgabadyň» derwezeçisi Gurbanmyrat Garaýew we «Köpetdagdan» Resul Çaryýew bar. Bu derwezeçileriň ikisi hem ilkinji iki aýlawyň dört duşuşygynda derwezesini berk gorap, pökgi geçirtmediler.

Möwsümiň ilkinji iki aýlawynyň netijeleri boýunça 33 utuk toplan «Altyn asyr» ýaryşyň başyny çekýär. Ikinji orundaky «Ahal» çempionlyk ugrundaky esasy bäsdeşinden 2 utugy az toplady. Ýaryşyň ilkinji üçlügini 22 utuk bilen «Şagadam» jemleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň