Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň öňdebaryjysy «Altyn asyr» ikinji aýlawyň jemleýji duşuşygynda hem utuk ýitirmedi. 10-njy tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygynda «Şagadamy» kabul eden «aragatnaşykçylar» 6:2 hasabynda ýeňiş gazandylar. Bu duşuşyk şu möwsümde iň köp pökgi geçirilen duşuşyk hökmünde hasaba alyndy.
Duşuşykda «Altyn asyryň» pökgüleriniň ikisini 7-nji we 52-nji minutlarda Resul Hojaýew geçirdi. Beýleki pökgüleri 17-nji minutda Myrat Annaýew, birinji ýarymyň goşmaça minutlarynda 11 metrlik jerime urgusyndan Altymyrat Annadurdyýew, 65-nji minutda Begenç Akmämmedow, 85-nji minutda Begmyrat Baýow geçirdi. «Şagadamyň» pökgülerini bolsa 19-njy we 71-nji minutlarda Hemra Amanmämmedow geçirdi.
Baş emin Akmyrat Gurbanowyň 8 futbolça sary durýduryş kartyny görkezmegi we bir oýunçyny meýdandan çykarmagy duşuşygyň dartgynly bolanlygyndan habar berýär. 700 tomaşaçyny «Aşgabat» stadionyna jemlän duşuşykda gazanylan ýeňiş «Altyn asyryň» 33 utuk bilen birinji ýarymy birinji orunda tamamlamagyna getirdi. 22 utukly «Şagadam» bolsa üçünji orunda galdy.