«Kyzylkum» Täçmyrat Agamyrdowyň ýolbaşçylygyndaky ilkinji duşuşygyny geçirdi

23:3313.06.2020
0
4271

Özbegistanyň futbol çempionatynyň 4-nji tapgyrynda Nawoýi şäheriniň «Kyzylkumy» türkmenistanly baş tälimçi Täçmyrat Agamyradowyň ýolbaşçylygyndaky ilkinji duşuşygyny geçirdi. Düzüminde milli ýygyndymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanow hem bolan AGMK bilen duşuşan «Kyzylkum» 0:1 hasabynda garşydaşyndan ýeňildi. Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 66-njy minutda Elguja Grigalaşwili geçirdi.

Duşuşygyň netijesi boýunça utugyny 8-e çykaran AGMK dördünji orna çykdy, 1 utukly «Kyzylkum» bolsa 12-nji basgançakda galdy.

«Kyzylkumyň» düzüminde türkmenistanly futbolçylar Wezirgeldi Ylýasow bilen Abdy Bäşimowyň başdan-aýaga oýnandygyny aýtmak gerek. Abdy Bäşimow 72-nji minutda eminden sary duýduryş kartyny hem aldy. AGMK-niň ätiýaçdaky düzümine girizilen hem bolsa Arslanmyrat Amanow duşuşyga gatnaşmady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň