Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda demir önümçiligi güýçlendirilýär

23:4212.06.2020
0
7685

12-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginde ýerli çig mallaryň esasynda metallurgiýa kremnisiniň önümçiligini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda bu ministrlik baý minerallaryň we çig malyň esasynda senagat pudagyny ösdürmek boýunça birbada birnäçe taslamanyň üstünde işleýär.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynda Diýarymyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda giň gerimde alnyp barylýan gurluşyklar üçin degişli önümleriň dürli görnüşleri öndürilýär. Kärhanada öndürilýän demriň düzüminiň hilini hem-de berkligini üpjün etmek maksady bilen, zerur himiki goşundylar goşulýar.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty bilen bilelikde Ahal welaýatynyň Köpetdag sebitinde ýerleşýän «Mäne» ýatagyndan alynýan kwars çäge daşyny we demir gyryndylaryny hem-de nebit koksuny ulanmak arkaly himiki goşundyny öndürmek boýunça tejribe-synag işlerini geçirdi we oňyn netijeleri aldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň