Soňky habarlar

Arhiw

Peskow: Türkmenistanyň Prezidenti Moskwada geçiriljek Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygynyň dabaralaryna gatnaşýar

20:4811.06.2020
0
16073
Peskow: Türkmenistanyň Prezidenti Moskwada geçiriljek Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygynyň dabaralaryna gatnaşýar
www.kremlin.ru

Russiýanyň habar beriş serişdeleri Russiýanyň Prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskowyň sözlerine salgylanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Moskwada Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek dabaralay harby ýörişe gatnaşýandygyny habar berýär.

Kremliň metbugat sekretary Gazagystan, Gyrgyzystan, Moldowa, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan, Serbiýa, Horwatiýa ýaly birnäçe ýurtlaryň Liderleriniň Russiýanyň paýtagtyndaky Ýeňiş paradyna gatnaşýandyklaryny eýýäm tassyklandyklaryny aýtdy.

Koronawirus ýokançlygynyň ýaýramagy sebäpli Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişiň 75 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýöriş Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin tarapyndan 9-njy maýdan 24-nji iýuna geçirilipdi. Ol gün 1945-nji ýyldaky dabaraly Ýeňiş ýörişiniň geçirilen günüdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň