Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ekologiýa barada film surata düşürilýär

21:4604.06.2020
0
8280

Badhyzda «Umytlaryň ganatynda» atly täze filmiň surata düşüriş işleri dowam edýär ― diýip, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň resmi saýty habar berýär.

Filmi surata düşüriji toparyň arasynda bu işde tejribe toplan aktýorlar hem-de «Altyn asyr» teleýaýlymynyň alyp baryjylary bar. Döredijilik toparynyň arasyna Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň wekilleri hem girýär.

«Biziň maksadymyz bu film arkaly adamlary tebigata has ýakynlaşdyrmakdan, tebigatymyzyň baýlyklaryny we täsinliklerini görkezmekden ybarat. Tebigaty goramak jemgyýetinden gelen haýyşlary nazarda tutup, biz öz işimizde ekologiýanyň dürli ahwallaryndan pursatlary hem görkezýäris. Şol sanda tebigaty ýagyndan goramak bilen bagly mesele hem orta atylýar» diýip, filmiň režissýprynyň kömekçisi Leýli Şyhmedowa gürrüň berýär.

Film «Badhyz» goraghanasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň