Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguzyň obalaryny gazlaşdyrmak işleri dowam edýär

19:4204.06.2020
0
4475

Şu ýylyň bäş aýynyň jemine çenli Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda täze hojalyklaryň 21 280 sanyny üznüksiz tebigy gaz bilen üpjün edildi. Ýakynda ýene-de 208 öýe «mawy ýangyç» eltildi.

Etrabyň Ýeňiş obasynda 159 millimetr galyňlykdaky we 1000 metr uzynlykdaky gaz geçirijiniň durky doly täzelendi. Şeýlelikde, obanyň gaz üpjünçiligi has ýokarlandyryldy.

Häzir etrapda 2434 kilometr uzynlykda üznüksiz gaz geçirijileri hereket edýär. Olara 670-den gowrak nokatda gözegçilik edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň