Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasyny milli güni bilen gutlady

23:3528.05.2020
0
957

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň milli güni mynasybetli bu ýurduň Prezidenti Ilham Alyýewe Gutlag hatyny iberdi. Bu barada TREND habar berýär.

Gutlagda şeýle diýilýär: “Türkmenistanyň halkynyň we hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan, Sizi we  Azerbaýjanyň ähli doganlyk halkyny ýurduňyzyň milli baýramçylygy - Respublikan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn we iň gowy arzuwlarymy iberýärin.

Häzirki wagtda hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini, uly ynam, deňlik we aç-açanlyk bilen tapawutlanýandygyny uly kanagatlanma bilen belläsim gelýär.

Şu ýylyň mart aýynda ajaýyp ýurduňyzdaky duşuşygymyzy aýratyn mähir bilen ýatlaýaryn. Saparyň barşyndaky gepleşikleriň dowamynda öz ýurtlarymyzyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmek baradaky özara pikir alyşmaga mümkinçilik boldy.

Syýasy, söwda, ykdysady, medeni-gumanitar we beýleki ugurlarda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň, bilelikdäki tagallalarymyzyň üsti bilen doganlyk halklarymyzyň bähbidi üçin ösdüriljekdigine we pugtalanjakdygyna berk ynanýaryn.

Bu ýakymly pursatdan peýdalanyp, gadyrly Ilham Geydar ogly, Size jan saglyk we bagt, Azerbaýjanyň doganlyk halkyna bolsa, parahatçylyk, abadançylyk we agzybirlik arzuw edýärin.”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň