Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Germaniýa bilen bilim, ylym we saglygy goraýyş boýunça hyzmatdaşlyklary has güýçlendirmekçi

22:1126.05.2020
0
11409

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň müdirliginiň başlygy Oliwer Hermes we bu düzümiň baş direktory Mihael Harms bilen wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikler geçirildi ― diýip, TDH ýazýar.

Gepleşikleriň dowamynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen köpugurly gatnaşyklary berkitmegi esasy ugur edinýän «Açyk gapylar» syýasatynyň çäklerindäki özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüş ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we GFR söwda-ykdysady ugurda netijeli gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna özara gyzyklanma bildirýärler. Ýurdumyzyň işewür toparlarynyň Germaniýanyň iri işewürliginiň wekilleri bilen ýola goýan netijeli gatnaşyklary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýangyç-energetika toplumy, maşyn gurluşygy, ulag hem-de logistika, oba hojalygy, gurluşyk senagaty we senagatyň başga-da birnäçe ugurlary hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň innowasion usulda ösdürilýändigi bellenildi. Daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işi üçin amatly maýa goýum ýagdaýy üpjün edilýär.

Bilim, ylym we saglygy goraýyş ugurlarynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meseleleri işjeň ara alnyp maslahatlaşyldy. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurlaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Gepleşikleriň barşynda nemes tarapynyň wekilleri öňdebaryjy tehnologiýalar ulgamynda dünýäde öňdäkileriň biri bolmak bilen, bu ugurda özüniň toplan tejribesini, täzeçil ylmy we önümçilik işläp taýýarlamalaryny hödürlemäge taýýardygyny aýtdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň