Soňky habarlar

Arhiw

Astrahan oblastynyň gubernatory türkmen Liderine minnetdarlyk bildirýär

13:4610.05.2020
0
12330

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine, Dokma senagaty ministrligine, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine, «Türkmenhimiýa» we «Türkmengaz» döwlet konsernlerine, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine hem-de Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine ýurtda öndürilýän degişli azyk önümlerini, harytlary we materiallary Russiýa Federasiýasyna muzdsuz bermek tabşyryldy.

Türkmen Lideriniň bu ynsanperwer goldawy üçin Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory I.Babuşkin Prezident Berdimuhamedowa minnetdarlyk hatyny ýollady. Hatda şeýle ýazylýar: “Çuňňur hormatlanýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Size uly hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan hem-de öz adymdan Türkmenistanyň şu çylşyrymly döwürde biziň sebitimize zerur  kömegi öz wagtynda berendigi üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etmäge rugsat ediň! 

Türkmenistandan gelip gowşan ýük COVID-19 boýunça aýratyn töwekgelçilik toparyndan bolan adamlara goldaw berýän edaralara, şeýle hem koronawirus ýokanjy bilen göreşýän sebitimiziň durmuş we lukmançylyk edaralaryna ugradylar. 

Astrahan oblastyna ýokary hilli türkmen harytlaryny muzdsuz ibermek barada gelen kararyňyz biziň ýakyn dostlukly gatnaşyklarymyzyň aýdyň mysaly bolup durýar.

Türkmenistan dünýä giňişliginde biz üçin möhüm strategik hyzmatdaş bolup, biz onuň bilen gatnaşyklarymyza uly sarpa goýýarys hem-de geljekde hemmetaraplaýyn berkitmegi maksat edinýäris.

Astrahan oblastyna berýän ünsüňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin hem-de köpugurly hyzmatdaşlygymyzyň dostluk we özara düşünişmek ruhunda dowam etjekdigine umyt edýärin.”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň