Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2020, 7-nji tapgyr: «Altyn asyr» ilkinji gezek ýeňildi, «Şagadam» üçünji orna çykdy

22:5709.05.2020
1
10377

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 7-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşyklary geçirildi. Olarda «Nebitçi» «Altyn asyry», «Energetik» «Şagadamy» kabul etdi.

TFF-niň resmi saýtynda berilýän maglumatalara görä, Balkanabat şäheriniň “Sport toplumy” stadionynda geçirilen duşuşykda ýerli “Nebitçi” paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” toparyny 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Gazanan bu ýeňşi Balkanabadyň toparyna toplan alty utugy bilen ýaryş tertibinde 7-nji orna geçmegine mümkinçilik berdi.

Maryda “Energetik” bilen “Şagadam” toparlarynyň arasyndaky duşuşykda myhmanlar 1:0 hasabynda ýeňiş gazandylar. Yhlas Magtymowyň golundan soň 3 utuk toplan “Şagadam” ýaryş tertibinde üçünji basgançaga geçdi.

Bu tapgyrda geçirilmeli “Aşgabat” – “Ahal” toparlarynyň arasyndaky duşuşk 17-nji iýuna süýşürildi.

Futbol çempionatymyzyň 8-nji tapgyrynyň duşuşyklary 13-nji hem-de 14-nji maýda geçirilip, onda “Aşgabat” – “Şagadam”, “Merw” – “Altyn Asyr”, “Nebitçi” – “Ahal” hem-de “Energetik” – “Köpetdag” toparlary duşuşarlar.

 

Geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:

 

“Nebitçi” – “Altyn Asyr” – 1:0

Gol: 14 Merdan Gurbanow (“Nebitçi”)

Duýduryşlar: 65 Merdan Gurbanow, 81 Wekil Kadyrow (“Nebitçi”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Kömekçi eminler: A. Begnazarow (Mary ş.), H.Abdiýazow (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Saparow (Mary ş.)

Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 5000

 

 “Energetik” – “Şagadam” – 0:1

Gol: 70 Yhlas Magtymow (“Şagadam”)

Duýduryşlar: 10 Begli Meredow (“Energetik”) – 4 Bagtyýar Hojaahmedow (“Şagadam”)

Geçirilen ýeri: “Energetik” stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.), Y.Kurambaýew (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Ýolöten ş.)

Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.)

Tomaşaçy sany: 1000.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň