Dünýädäki kyn ýagdaý sebäpli Türkmenistan döwlet býudjetiniň çykdajylaryny azaldar

10:1009.05.2020
0
69631

8-nji maýda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda geçen dört aýda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Hökümetiň ýeterlik möçberdäki daşarky we içerki ätiýaçlyk gorlary bilen bilelikde alyp baran dogry işleriniň jemi içerki önümiň ýokary ösüş depginini saklap galmaga mümkinçilik berendigini belledi. Şonuň bilen birlikde, dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaý çylşyrymly bolmagynda galýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki wagtda bize halkara gatnaşyklaryndaky howa we ýerüsti ulaglaryň işine, önümleri ibermäge, syýahatçylyk ulgamyna, pul geçirmelerine we maliýe akymlaryna täsir edýän ýaramaz ýagdaýlara garşy durmak başardýar.

Şeýle sebäplere görä, biz ýurdumyzda içerki önümçiligiň möçberleriniň azalmagyna garaşýarys. Şeýle hem dünýä bazarynda nebitiň bahasynyň düýpli peselendigini hem göz öňünde tutmaly diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Ykdysady taýdan häzirki pese düşme 2008 —2009-njy ýyllaryň ählumumy maliýe çökgünligi döwründen hem, 2014 —2015-nji ýyllarda nebitiň bahasynyň pese düşen döwründen hem ýaramaz bolar diýlip garaşylýar.

Aziýanyň Ösüş Bankynyň çaklamalaryna görä, jemi içerki önümiň ösüşiniň Merkezi we Günbatar Aziýa ýurtlarynda şu ýyl ýüze çykan düýpli pese düşmegi bilen, 2021-nji ýylda haýal dikeldiler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Bolup geçen ozalky çökgünlikler ýaly, pul-karz syýasaty ykdysadyýet durnukly ýagdaýda ösdürilende islegleri kanagatlandyrmak üçin pul ýetmezçiligine duçar bolýar. Şeýle ýagdaýda Hökümetiň esasy wezipesi ýüze çykjak ykdysady ýitgileriň öwezini dolmak hem-de makroykdysady durnuklylygy üpjün etmek üçin ätiýaçlyk pul gorlaryny döretmekden ybaratdyr.

Şoňa görä-de, Döwlet býujetiniň serişdelerini we döwlet edaralarynyň hem-de kompaniýalarynyň çykdajylaryny düýpli kemeltmeli bolýarys. Şunuň bilen birlikde, raýatlaryň öňündäki we telekeçiligi goldamak boýunça ähli durmuş ähmiýetli borçnamalarymyzy doly möçberde hem-de öz wagtynda ýerine ýetirmegi üpjün etmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz wise-premýerleriň Döwlet býujetiniň çykdajylaryny azaltmak üçin teklipleri taýýarlamalydyklaryny, durmuş maksatly desgalardan beýleki desgalaryň gurluşyk maksatnamalarynyň ählisine gaýtadan seretmelidiklerini belledi. Şeýlelikde, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna şu ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça täze býujeti düzmek babatda teklipleri taýýarlamak tabşyryldy.

Döwlet serişdeleriniň sarp edilýän ugurlary üýtgedilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Çykdajylary azaltmagyň netijesinde alnan serişdeleri kärhanalary ykdysady we maliýe taýdan goldamagyň, maliýe ulgamyny sagdynlaşdyrmagyň guralyny döretmäge, kiçi we orta telekeçiligi goldamaga gönükdirmeli. Iň esasy bolsa, lukmançylyk edaralaryny derman, gorag we anyklaýyş serişdeleri bilen üpjün etmäge, karantin çykdajylaryny öz wagtynda maliýeleşdirmäge sarp etmeli.

Şunuň bilen birlikde, eksportuň möçberini artdyrmak boýunça işleri hem güýçlendirmeli, azyk howpsuzlygynyň ýagdaýyny hemişe gözegçilikde saklamaly. Azyk harytlarynyň bahasyna, bu önümler bilen dükanlaryň we bazarlaryň bolelin üpjünçiligine aýratyn gözegçilik etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň