Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada TDH ýazýar.
Iki ýurduň Baştutanlary birek-birege ýagşy arzuwlary aýdyp, telefon arkaly gepleşikde ynanyşmak we özara goldaw bermek esasynda ýola goýulýan döwletara hyzmatdaşlygyň has möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.
Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy ýurduň birnäçe şäherlerine we ilatly ýerlerine ägirt uly weýrançylyk getiren tebigy betbagtçylyk zerarly Özbegistanyň halkyna çuňňur duýgudaşlyk sözlerini aýdyp, türkmen tarapynyň heläkçilik çeken etraplara zerur kömegi bermäge hem-de degişli düzümleri dikeltmek üçin enjamlary, işçi güýjüni ibermäge we zerur bolan ýardamlary etmäge taýýardygyny aýtdy.
Bellenilişi ýaly, ýurduň degişli edaralary özbek kärdeşleri bilen gyssagly habarlaşyp, özara gatnaşyklaryň zerur ugruny ýola goýmaga, tebigy betbagtçylygyň ýetiren zyýanyny tiz wagtda aradan aýyrmak boýunça işiň ugurlaryny kesgitlemäge taýýardyr.
Häzirki döwürde dünýä ýüzünde çynlakaý synaga öwrülen täze wirus pandemiýasyna mundan beýläk-de garşy durmak wezipeleri bilelikdäki netijeli we aýgytly işleriň amala aşyrylmagyny talap edýär. Milli Lider koronawirusyň ýaýramagynyň dünýä ykdysadyýetine we halkara gatnaşyklara ýaramaz täsir edýändigini belläp, bu howply ýokanjyň ýaýramagyna garşy göreşmek, onuň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklara ýaramaz täsirini peseltmek üçin tagallalaryň işjeňleşdirilmelidigini nygtady.
Hususan-da, gürrüň iki ýurduň serhet ýakalarynda utgaşykly öňüni alyş-karantin işleriniň amala aşyrylmagy barada barýar. Bilelikde durmuşa geçirilýän çäreler degişli öňüni alyş çäreleriniň ýokary derejesini üpjün etmäge, serhetden geçýän raýatlaryň lukmançylyk barlaglary üçin zerur şertleri döretmäge, iki döwletiň çägi boýunça hereket edýän ulaglary we ýükleri zyýansyzlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Häzirki döwürde «Farap — Alat» barlag-geçiriş bölüminde işler sazlaşykly alnyp barylýar. Türkmenistan öz tarapynda zyýansyzlandyrma boýunça terminal gurdy. Şunuň ýaly işler özbek tarapynda hem alnyp barylýar. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz özbek hyzmatdaşlary bilen mundan beýläk-de ýygjam gatnaşyklary dowam etmäge taýýardyr.
Milli Lider döwletara hyzmatdaşlygyň gadymy döwürlerden bäri dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine daýanýan iki doganlyk halkyň bähbidine kybap gelýän ynsanperwer ugry barada aýdyp, häzirki döwürde Özbegistanda bolýan türkmen raýatlaryna, şol sanda talyplara bolan mähirli gatnaşyklar üçin özbek häkimiýetine minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, türkmen raýatlarynyň durmuşy we okuwy üçin ähli zerur şertler döredildi. Türkmen tarapy hem ýurdumyzyň çäginde bolýan özbek raýatlary üçin oňyn şertleriň döredilmegi babatda ähli zerur tagallalary edýär.
Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow birek-birege doganlyk goldaw-kömek bermäge taýýar bolmak ýaly asylly ýörelgeleriň biziň halklarymyza mahsusdygyny, häzirki çylşyrymly döwürde onuň has-da ähmiýetlidigini belläp, Özbegistanyň mundan beýläk-de Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn goldawyna we ýardamyna bil baglap biljekdigini ynandyrdy.
Taraplar döwletara gatnaşyklaryň ösüşine itergi bermäge özara gyzyklanmalary tassyklap, däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň uzak möhletleýin we özara bähbitli esasda ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlyk arkaly dowam etjekdigine ynam bildirdiler.
Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary mümkinçilikden peýdalanyp, birek-biregi Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllyk baýramy bilen gutladylar hem-de uruş weteranlaryna berk jan saglyk, bagt, uzak ömür arzuw etdiler.
Şeýle hem Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew birek-biregi hem-de Türkmenistanyň we Özbegistanyň halklaryny musulmanlar üçin mukaddes bolan Oraza aýy bilen gutladylar hem-de bu haýyrly aýda edilen doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolup, onuň her bir adama parahatçylyk, abadançylyk eçiljekdigine, iki ýurduň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň berkidiljekdigine, tutuş dünýäde ýagşylygyň, ynsanperwerligiň dabaralanjakdygyna ynam bildirdiler.
Telefon arkaly söhbetdeşlik özbek tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.