Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly anna güni geçirilen nobatdaky mejlisinde wise-premýer Ş.Durdylyýew Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň sement zawodlarynda sementiň täze görnüşlerini öndürmek barada Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.
Häzirki wagtda senagat pudagy milli ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Gurluşyk materiallary senagaty hem ýokary depginde ösýär. Ýerli çig mal serişdeleriniň netijeli ulanylmagy diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýan gurluşyk serişdeleriniň dürli görnüşlerini çykarmaga mümkinçilik berýär.
Döwrüň talabyny nazara almak bilen, ýurduň senagat pudagynyň öňünde möhüm wezipe — ýerli gurluşyk bazaryny ýokary hilli senagat harytlarynyň zerur bolan möçberi bilen üpjün etmek wezipesi goýuldy.
Milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedowyň gurluşyk serişdeleriniň esasy görnüşleriniň öndürilişini artdyrmak hem-de çykarylýan önümiň görnüşlerini giňeltmek barada beren görkezmelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty bilen bilelikde sementiň önümçiliginde aktiw mineral goşundylaryny ulanmak boýunça netijeli çäreleri gördi.
Häzirki wagtda eýýäm 400-G20-K görnüşli portlandsement öndürilýär. Mundan başga-da, 500-G20-K görnüşli sementiň önümçiligini ýola goýmak boýunça işler alnyp barylýar. Bu önümçilik üçin zerur bolan aktiw mineral goşundy — bazalt porfiritleri Balkan kän müdirliginiň hasabynda duran «Ufra» ýatagyndaky dag jynslaryndan alynýar. Bu minerallar fiziki-himiki häsiýetleri bilen tapawutlanyp, ýokary hilli sement çykarmaga mümkinçilik berýär.
Sementiň ýokarda agzalan görnüşleriniň önümçiliginiň ýola goýulmagy zawodlarda ýokary hilli sementiň öndürilýän mukdaryny 20 göterime çenli artdyrmaga mümkinçilik berer.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtady. Munuň üçin ähli amatly şertler, ilkinji nobatda bolsa, ýerli mineral-çig mal serişdeleriniň dürli görnüşleriniň uly gorlary bar. Şolary uly isleg bildirilýän gurluşyk serişdelerini öndürmek üçin netijeli ulanmak bolar.
Milli Lider soňky ýyllarda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dünýäde halkara talaplara laýyk gelýän döwrebap köprüleriň hem-de okgunly ösýän ulag-kommunikasiýa düzüminiň beýleki wajyp desgalarynyň gurlandygyny belledi. Häzirki wagtda hem bu ugurda möhüm taslamalary durmuşa geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyny hem-de üstaşyr geçelgeleri kemala getirmek barada öňe sürýän başlangyçlarynyň tutuş dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýandygyna hem-de doly ykrar edilýändigine ünsi çekip, transkontinental ugurlary babatda ýurdumyzda gurlan awtoulag köprüleriniň möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýtdy. Şunuň bilen birlikde, milli Lider köprüleriň kadaly ulanylmagynda hem-de wagtly-wagtynda abatlaýyş işleriniň geçirilmeginde käbir kemçiliklere ýol berilýändigi sebäpli, wise-premýeriň bu ugurda alyp barýan işine nägilelik bildirdi.
Ýol-ulag ulgamyny kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreleriň Türkmenistanyň durnukly ulag boýunça ählumumy hyzmatdaşlygy döretmek baradaky başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegine gönüden-göni ýardam edýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany wise-premýerden ulaglaryň gatnawlaryny artdyrmak hem-de döwrebap ulag-üstaşyr ulgamyny döretmek maksady bilen, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan, halkara ölçeglere gabat gelýän köprüleriň talabalaýyk saklanylyşyna hem-de wagtynda abatlanylmagyna degişli meselelere berk gözegçilik etmegi talap edip, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.