Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Eýran koronawirusa garşy göreşde tagallalaryň birleşdirilmegini goldaýar

22:1229.04.2020
0
16971

Şu gün – 29-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhanynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Iki goňşy döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, hemişe dostlukly bolan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmak  üçin dörän mümkinçilikden hoşal boldular.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen-týran gatnaşyklary dürli ugurlarda – syýasy, ykdysady we gumanitar ugurlarda işjeň ösýär. Munuň bilen birlikde, Türkmenistan we Eýran BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri weabraýly halkara guramalarynyň çäginde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.

Gepleşigiň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary sebit we halkara durmuşynyň möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar. Bu nukdaýnazardan, giň geografiki giňişligi öz içine alýan we köp döwletiň we halkyň durmuşyna ýaramaz täsir edýän koronawirus pandemiýasynyň (COVID-19) meselesine degip geçdiler. Bellenilişi ýaly, koronawirus ýokançlygynyň ýaýramagy global häsiýete eýe bolup, dünýäde ykdysady çökünlik ýagdaýlaryna sebäp boldy.

Türkmenistan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä jemgyýetçiliginiň COVID-19 pandemiýasyna garşy alyp barýan tagallalaryny doly goldaýandygyny aýtdy. Türkmenistan bu ýokanjy üstünlikli ýeňip geçmek we ynsanperwerlik, özara goldaw we raýdaşlyk ýaly hemişelik umumadamzat gymmatlyklaryna bil baglamak üçin ylalaşylan ädimleri ösdürmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygynyň güýçlendirilmegini goldaýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri Ýer ýüzüniň ähli döwletleriniň tagallalarynyň jemlenmeginiň bu möhüm meseläni çözmekde islenýän netijelere ýetmegine goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga uly üns berenligi üçin eýranly kärdeşine minnetdarlyk bildirip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow özara peýdaly döwletara hyzmatdaşlygyň umumy bähbitler üçin pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklaýan Prezident Hasan Ruhany türkmen Lideriniň ähliumumy abadançylygy üpjün etmek we döwrümiziň möhüm meselelerine deňagramly çözgütleri ösdürmäge gönükdirilen sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky başlangyçlaryny goldaýar.

Telefon söhbetdeşligi Eýran tarapy tarapyndan başlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň