Gyrsakar – 2020-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi

23:2725.04.2020
0
27641

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen Halkara gözellik bäsleşiginde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Gyrsakar diýen gara at 2020-nji ýylyň iň owadan  ahalteke bedewi diýlip yglan edildi.

Bu bedew Gerden we Owadan diýen atlaryň neslinden bolup, meşhur Gyrsakaryň ugruna degişlidir. Onuň seýisi Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Mämmetmyrat Gazakow.

“Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly Halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisine döwlet Baştutanymyzyň adyndan baş baýrak - Audi Q8 awtoulagyň açary gowşuryldy.

Atyň seýisi gymmat bahaly baýrak hem-de ýelden ýüwrük behişdi bedewleriň ösdürilip ýetişdirilmegine ägirt uly üns berýändigi üçin hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallygyny beýan etdi. Ol halkyň bu ugurdaky ýörelgelerini türkmen atşynaslarynyň mynasyp dowam etdirjekdiklerine ynandyrdy hem-de milli Lidere berk jan saglyk, işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň