Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda atçylyk sungatynyň ussatlaryny sylaglamak dabarasy geçirildi

23:5124.04.2020
0
4240

Surat: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda, paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli pudagyň has tapawutlanan işgärlerine «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni, «Gaýrat» we «Watana bolan söýgüsi üçin» medallaryny gowşurmak hem-de «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» we «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly atlary dakmak dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Bu ýokary sylaglar we hormatly atlar olara atçylygy ösdürmäge goşan goşandy, halkymyzyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny, hil derejesini saklamakda, türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda bitiren hyzmatlary hem-de hünär ussatlygy göz öňünde tutulyp gowşuryldy.

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli atçylyk pudagynda has tapawutlanan işgärlere Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän «Kärizek» geňeşligindäki Aba Annaýewiň adyny göterýän döwrebap obanyň täze öýleriniň açarlary gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň