Sport maglumatlarynyň halkara merkezi (CIES) daşary ýurtlarda iň köp futbolçysy çykyş edýän döwletleriň sanawyny düzdi.
Sanawyň başyny 1600 futbolçy bilen Braziliýa çekýär. Şolaryň 74,6 göterimi çykyş edýän çempionatlarynyň iň ýokarky ligasynda oýnaýarlar. Sanawyň ilkinji üçlüginde Fransiýa (1027, 74%) we Argentina (972, 75,5%) bar. Şeýle hem ilkinji 10-luga Angliýa (565), Ispaniýa (559), Serbiýa (521), Germaniýa (480), Kolumbiýa (467), Horwatiýa (446), Nigeriýa (399) we Ukraina (250) girýär. Aziýadan iň kän legioner beren döwlet bolsa 161 futbolçy bilen Ýaponiýadyr.
Sanawda daşary ýurtlarda çykyş edýän türkmen futbolçylarynyň sanyny 5-e deňdigi görkezilýär. Ýöne «Türkmenportalyň» şahsy hasaplamalaryna görä, häzirki wagtda 5 däl-de, 12 futbolçymyz daşary ýurt ligalarynda oýnaýar. Hatda diňe Özbegistanda 5 futbolçymyz çykyş edýär. Olar Arslanmyrat Amanow (AGMK), Didar Durdyýew («Maşal»), Selim Nurmyradow («Bunýodkor»), Abdy Bäşimow we Wezirgeldi Ylýasow (ikisi hem «Kyzylkum»). Şeýle hem iki futbolçymyz Malaýziýada (Şöhrat Söýünow we Serdar Geldiýew ― PDRM), ýene ikisi Gyrgyzystanda (Rahat Japarow we Ata Geldiýew ― «Abdyş-Ata») futbol oýnaýar. Bulardan başga-da Ruslan Mingazow Gazagystanyň «Irtyş», Wahyt Orazsähedow Täjigistanyň «Istiklol», Maksim Kazankow (Russiýanyň «Tom» toparlarynyň ýeňişleri üçin göreşýär.
Sanawa milli assosiasiýalardyr federasiýalaryň 186-sy girizilipdir.