20-nji aprelde «Aşgabat» stadionynda «Ahal» «Şagadamy» 2:0 hasabynda ýeňdi. Bu duşuşykdan soňra «Ahalyň» ýarym goragçysy, AFK-nyň kubogy ― 2011-iň ýeňijisi Artur Geworkýan Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýtyna interwýu berdi. Ol häzirki günlerde bütin dünýäniň türkmen futbolyna üns berýändigine bolan şatlygyny beýän etdi.
- Häzirki wagtda diňe 5 döwletde futbol boýunça milli çempionatlar geçirilýär. Olaryň biri Türkmenistanyň ýokary ligasynyň bäsleşikleri. Bu ýagdaý oýunçylaryň jogapkärçiligini artdyrýandyr. Şu ýagdaý hakda aýdaýsaňyz?
- Türkmenistanda asudalyk höküm sürýändigi, milli çempionatymyzyň bolsa dowam edýändigi diýseň ýakymlydyr. Futbolçylaryň jogapkärçiligi babatda aýdylanda, ol mydama hem ýokary bolýar. Häzirki wagtda bütin dünýäde Türkmenistanyň çempionatyna gyzyklanma bildirilýändigine begenýärin.
- «Ahalyň» öňünde nähili wezipeleri goýýandygyny hemmämiz bilýäris. Size şu ýyl çempion bolmaga näme päsgel berip biler?
- «Ahal» her ýyl çempionlygyň bir ädim bäri ýanyndan gaýdýar. Şu möwsüme hem ynamly gadam goýduk. Häzirki depginimizi saklasak, öňümizde goýlan wezipäni çözüp bileris. Şol bir wagtyň özünde bäsdeşlerimiziň hemmesiniň ýeňiş gazanmagy maksat edinýän gatybaş toparlardygyny bellemelidiris. Bu bolsa futbola bolan gyzyklanmany artdyrar. Şeýlelikde, çempionlyk ugrundaky göreş iň soňky tapgyra çenli dowam eder.
- Artur, beren gürrüňleriňiz üçin sag boluň! Size hemişe üstünlik ýar bolsun!
- Sizem sag boluň!