Ýaşlar ligasy ― 2020: «Altyn asyr» «Köpetdagy» ýeňdi

23:5618.04.2020
0
6885

Şu gün paýtagtyň «Altyn asyrynyň» we «Köpetdagynyň» ýaşlar düzümleriniň arasynda 4-nji tapgyryň duşuşygy geçirildi.

Gökje ýaşaýyş toplumyndaky futbol meýdanynda bolup geçen gyzykly duşuşyk «Altyn asyr-2-niň» 4:2 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Bu ýeňişden soňra «Altyn asyryň» ýaşlary ýaryşyň ikinji basgançagyna çenli çykdylar. «Köpetdag-2» bolsa üçünji orunda galdy.

«Altyn asyr-2-niň» gollaryny 26-njy we 45-nji minutlarda Begençmyrat Myradow, 53-nji minutda Myrat Öwezmyradow, 86-njy minutda Yhlas Toýjanow, «Köpetdag-2-niň» gollaryny bolsa 29-njy minutda Hojamuhammet Bäşimow, 83-nji minutda Arslan Ýollyýew geçirdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň