TÝL ― 2020: 4-nji tapgyryň duşuşyklaryna badalga berilýär

23:5118.04.2020
0
8883

Uly bolmadyk arakesmeden soňra Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasy 19-njy aprelde 4-nji tapgyryň duşuşyklary bilen dowam edýär.

Çempionata 24-nji aprelde arakesme berlendigini ýatladýarys. Şoňa çenli üç tapgyrda meýilleşdirilen 12 duşuşygyň 11-si geçirilipdir. Olarda derwezelere jemi 14 pökgi girizildi. 2-nji tapgyrdaky «Altyn asyr» ― «Ahal» duşuşygy bolsa 30-njy aprele geçirildi.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda berilýän maglumatlara esaslanyp, 4-nji tapgyryň duşuşyklary barada aşakdaky maglumatlary dykgatyňyza ýetirýäris:

 

2020-nji ýylyň 19-njya apreli (ýekşenbe)

«Altyn asyr» ― «Köpetdag»

Geçirilýän ýeri:  «Aşgabat» stadiony (Aşgabat).

Başlanýan wagty: 17:00.

Emin: Jumamyrat Jumamyradow (Aşgabat).

Kömekçileri: Ahmet Begnazarow (Mary), Pälwan Pälwanow (Daşoguz).

Ätiýaçdaky emin: Ruslan Ereşow (Türkmenabat).

Gözegçi emin: Hudaýnazar Rejebow (Aşgabat).

 

 

2020-nji ýylyň 20-nji apreli (duşenbe)

«Merw» ― «Aşgabat»

Geçirilýän ýeri: «Sport desgasy» (Baýramaly).

Başlanýan wagty: 16:30.

Emin: Begenç Allaberdiýew (Aşgabat).

Kömekçileri: Şageldi Hydyrow, Ezizmyrat Annamyradow (ikisi hem ― Balkanabat).

Ätiýaçdaky emin: Atajan Isçanow (Daşoguz).

Gözegçi emin: Bagtyýar Atajanow (Daşoguz).

 

«Ahal» ― «Şagadam»

Geçirilýän ýeri: «Aşgabat» stadiony (Aşgabat).

Başlanýan wagty: 18:30.

Emin: Resul Mämmedow (Aşgabat).

Kömekçileri: Berdimämmet Atdyýew (Tejen), Ahmet Jumamyradow (Aşgabat).

Ätiýaçdaky emin: Merdan Şanazarow (Ýolöten).

Gözegçi emin: Maksat Seýitgulyýew (Aşgabat).

 

«Nebitçi» ― «Energetik»

Geçirilýän ýeri: «Sport toplumy» (Balkanabat).

Başlanýan wagty: 17:00.

Emin: Babanazar Haknazarow (Aşgabat).

Kömekçileri: Yhlas Kurambaýew (Daşoguz), Akmyrat Jumaýew (Aşgabat).

Ätiýaçdaky emin: Çarymyrat Gurbanow (Aşgabat).

Gözegçi emin: Geldi Öwezow (Aşgabat).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň