Serdar Azmun bilen iňlis klublarynyň üçüsi gyzyklanýar

14:2217.04.2020
0
7608

Sankt-Peterburgyň «Zenidiniň» hüjümçisi, eýranly türkmen Serdar Azmun bilen gyzyklanýan Ýewropa klublarynyň sany gün geçdigiçe köpelýär.

25 ýaşly hüjümçi bilen gyzyklanýanlaryň hataryna Angliýanyň «Wes ham Ýunaýted» we «Lester Siti» toparlary hem goşuldy. Käbir çeşmelerde bolsa bu futbolçy bilen «Liwerpulyň» hem gyzyklanýandygy aýdylýar.

Ozal hem habar berşi ýaly, Serdar Azmun bilen «Napoliniň» gyzyklanmasy has uludyr. Italiýan topary eýranly türkmen üçin 15 million funt sterlinge çenli pul seçmäge taýýar. «Zenit» bolsa oýunçysyny 35 million ýewrodan arzan satmajakdygyny aýdýar.

«Zenidiň» ýolbaşçysy Aleksandr Medwedew  Serdar Azmunyň başga bir topara gitmegi baradaky habarlary ret etdi . 2019/20 möwsüminiň ahyryna çenli «Zenidiň» haýsydyr bir transferi göz öňünde tutmaýandygy we tekliplere garamajakdygy bellendi. Azmunyň rus kluby bilen häzirki şertnamasy 2022-nji ýylyň tomsuna çenli dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň