Türkmen bedewiniň milli baýramy barha ýakynlaşýar. Ýurdumyzda sergileri, maslahatlary, bäsleşikleri we at çapyşyklaryny öz içine alýan behişdi bedewlere bagyşlanan köpugurly çärelere badalga berildi ― diýip, TDH ýazýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji aprelde Aşgabatda ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigini, şeýle hem behişdi bedewleriň keşbini sungat eserlerinde ýokary derejede beýan etmek boýunça döredijilik işgärleriniň arasynda bäsleşigiň jemleýji tapgyryny geçirmek hakyndaky resminamalara gol çekdi.
Atçylyk sporty bäsleşikleriniň we at çapyşyklarynyň ýeňijilerini höweslendirmek maksady bilen, Türkmneistanyň Prezidenti her ýylda bolşy ýaly, Buýruga gol çekdi. Oňa laýyklykda, bäsleşikleriň ýeňijilerini sylaglamagyň şerti we baýraklary kesgitlendi.
Aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän baýramçylyga bagyşlanan döredijilik we sport çäreleri türkmen halkynyň taryhynda möhüm orny eýeleýän we häzirki döwürde özüniň ýyndamlygy, gözelligi we wepadarlygy bilen adamlaryň buýsanjyna mynasyp bolmak ýaly asylly ýörelgäni dowam edýän behişdi bedewlere bagyşlanan nobatdaky giň möçberli çärelerdir.