Soňky habarlar

Arhiw

Kristian Noboa: «Gurban Berdiýew meni hem futbolçy, hem şahsyýet hökmünde özgertdi»

13:0515.04.2020
0
6780

Russiýanyň «Soçi» klubynyň 35 ýaşly ekwadorly futbolçysy  Kristian Noboa, “Match Premier” teleýaýlymyna beren interwýusynda  karýerasynyň iň gowy ýyllary bilen baglanyşykly Gurban Berdiýew bilen bir toparda işleşmekden galan täsirleri barada gürrüň berdi. Ekwadorly futbolçy 2007-nji ýyldan 2011-nji ýyla çenli «Rubinde» we 2015-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli «Rostowda» türkmen tälimçisiniň elinde türgenleşipdi.

- Ol meni hem futbolçy, hem şahsyýet hökmünde özgerden tälimçi. Öň owadan oýnaýandyryn, gowy paslary berýändirin öýdýärdim. Ýöne goragda göwnümdäki ýaly oýnap bilemokdym. Bile işleşen ilkinji ýylymyzda Birinji ýylda Gurban Berdiýew maňa diňe «Yza gaç!», «Yza ylga!» diýip gygyrýardy. Bu meniň üçin kyndy, ýöne tälimçiniň menden näme isleýändigine düşünip, şoňa görä hereket etsem, özümiň hem kämilleşjekdigime düşündim. Bu ýagdaý bir ýyl dowam etdi. Ikinji ýyldan başlap men hemme zada düşündim. Eýýäm meýdanda nähili hereket etmelidigimi bilýärdim. Soňra tälimçi maňa gygyrmagyny bes etdi.

Şeýlelikde, men onuň saýasynda başga bir futbolça öwrüldim.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň