Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Intellektual eýeçiliginiň bütindünýä guramasy bilen bilelikde maslahat geçiriler

15:5611.04.2020
0
6750

Ykdysady toplumyň ähli pudaklaryna häzirki zaman tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak ulgamynda ýöriteleşdirilen halkara guramalar bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek zerurdyr. Intellektual eýeçiliginiň bütindünýä guramasy bilen hyzmatdaşlyk munuň üçin täze mümkinçilikleri açýar. Bu barada wise premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň 10-njy aprelde geçirilen Hökümet mejlisindäki hasabatynda aýdyldy.

Şunuň bilen baglylykda, 16-njy aprelde sanly wideoaragatnaşyk arkaly Intellektual eýeçiliginiň bütindünýä guramasynyň, Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda awtorlyk hukugyny goramak hem-de ýokary okuw mekdeplerinde intellektual eýeçiliginiň esaslaryny okatmak we beýleki möhüm meseleler boýunça tejribe alyşmak babatda maslahat geçirmek teklip edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň