Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan COVID-19-yň öňüni almakda ilatyň saglygyna gözegçilik etmek üçin ýörite lukmançylyk toparlaryny döreder

19:3209.04.2020
0
17318

Türkmenistanyň Prezident wise-premýer  P.Agamyradowyň we bilim ministri M.Geldinyýazowyň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda COVID-19 wirusynyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw jaýlarynda öňüni alyş çäreleriniň görülmelidigini aýtdy.  Bu barada TDH habar berýär.

Prezident ilatyň ähli toparlarynyň saglyk ýagdaýyny we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda goşmaça gözegçilik usullaryny goşmak bilen öňüni alyş lukmançylyk gözleglerini guramagy tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, etraplarda we şäherlerde degişli iş tertibine laýyklykda yzygiderli işleri amala aşyryp başlajak ýörite lukmançylyk toparlary dörediler. Türkmenistanyň Prezidentiniň sözlerine görä, bu işi ilki bilen çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw jaýlarynda başlamaly.

Häzirki wagtda Türkmenistanda COVID-19 ýokaşma ýagdaýy ýok. Hökümet ýurduň ykdysadyýetini koronawirus sebäpli ýüze çykýan ýaramaz ýagdaýlardan goramak üçin zerur çäreleri görýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň