Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň Prezidenti atly gezelenç etdi

23:5507.04.2020
0
13129

Şu gün Türkmenistanda, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli sport, bedenterbiýe-sagaldyş we beýleki çäreler geçirildi. Irden milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, bu ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşdy ― diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany Gyratym atly bedew bilen didarlaşyp, türgenleşik üçin ony maneže alyp çykdy. Gyratym dürli buýruklary taýýarlyk bilen ýerine ýetirip, görkezilen her bir yşaraty duýgurlyk bilen kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti bu ýerde wagtal-wagtal bolup, atly gezelenç edýär. Türkmen Lideriniň eserleriniň hem birnäçesiniň bedewlere bagyşlanandygyny aýtmak gerek.

Şu aýyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy belleniler. Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň we Halkara Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy bilen utgaşjak baýrama ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça milletiň Lideri degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň