Soňky habarlar

Arhiw

Hökümet mejlisi: döwlet Baştutany «Türkmenhimiýanyň» ýolbaşçysyna berk käýinç yglan etdi

09:2804.04.2020
0
8605

3-nji aprelde ýylyň ilkinji üç aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümet mejlisinde milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy N.Nyýazlyýewe ýüzlenip, dünýä ykdysadyýetindäki häzirki iki sany ýaramaz ýagdaýyň täsir edýändiginden ugur alsaň, ýagny koronawirus ýokanjyna we gazna bazaryndaky düýpli meselelere, şeýle hem nebitiň we gazyň dünýä bazaryndaky ýagdaýyna garamazdan, bu pudagyň ýolbaşçylarynyň alyp barýan işleriniň kanagatlandyrmaýandygyny aýtdy — diýip, TDH habar berýär.

Köp zawodlarda mineral dökünleriň önümçiliginiň pese düşmegi zerur gorlary döretmäge mümkinçilik bermeýär. Ykdysady taýdan çekilen ýitgileriň öwezini dolmaga we makroykdysady durnuklylygy üpjün etmäge şert döretmeýär.

Milli Liderimiz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy N.Nyýazlyýewe berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň