Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy tarapyndan «Sanly dolandyryş» boýunça gysga wagtlaýyn okuwlar geçildi. Bu barada BMGÖM-niň metbugat gullugy habar berýär.
Taslamanyň ilkinji diňleýjileri dürli ministrliklerinden gatnaşan 20 hünärmen boldy.
Täze magistr okuw maksatnamasy 10 ugry öz içine alýar:
- dolandyryş işlerinde maglumat tehnologiýasy;
- ykdysadyýetdäki maglumat ulgamlary;
- maglumat howpsuzlygynyň esaslary we maglumat çeşmeleri;
- ýagdaý derňewi we dolandyryş kararlaryny modellemek;
- elektron hökümet tehnologiýasy;
- maglumatlary seljermek;
- maglumat jemgyýetinde döwlet dolandyryşy;
- dolandyryşy özgertmek;
- döwlet maliýe we bank dolandyryşy;
- sanly dolandyryş üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýady.
Bu okuwlar ýurdumyzda dolandyryş işine sanly ulgamdan peýdalanmagyň gerimini giňeltmekde uly ähmiýete eýe bolar.