Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalygy boýunça premýer ministre käýinç yglan etdi

23:3530.03.2020
0
10173

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýörite Buýruk bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Orazgeldiýew Esenmyrata käýinç yglan etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Resminamada wise-premýeriň wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy nygtalýar.

Döwlet Baştutany oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen iş maslahatynda öňde goýlan wezipelere örän jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, şonuň bilen birlikde, oba hojalygynyň ösdürilmegine döwletimiz tarapyndan toplumlaýyn goldaw hem-de hemmetaraplaýyn hemaýat edilýändigine, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigine, maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyna garamazdan, pudakda birnäçe kemçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. Şol kemçilikleriň hatarynda, bellenilen özgertmeleri durmuşa geçirmekde depginleriň pesdigi agzaldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň