Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Belarus karonawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çäreleri ara alyp maslahatlaşýarlar

23:5527.03.2020
0
15951

Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew bilen Belarusyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Wýaçeslaw Beskostynyň duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda  taraplar ikitaraplaýyn gün tertibindäki möhüm meseleler, şol sanda Türkmenistan we Belarus Respublikasy karonawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak, şeýle hem daşary ýurtlarda raýatlaryň bähbitlerini goramak boýunça görülýän çäreler barada pikir alyşdylar.  Belarusyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň habaryna görä, taraplar ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetini we dünýädäki epidemiologiki ýagdaýyň ýaramaz netijelerini ýeňip geçmek üçin hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň