Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Daşoguz welaýatynyň baş metjidinde sadaka berdi

21:1527.03.2020
0
14699
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitiň baş metjidinde berlen sadaka gatnaşdy.
Döwlet Baştutanymyz Daşoguzyň howa menzilinden şäheriň günorta-günbatar böleginde — owadan Görogly köçesiniň ugrunda gurlan metjide tarap ugrady. Bu uzyn ýoluň ugrunda Daşoguzyň binagärlik keşbini bezeýän beýleki ajaýyp desgalar, şol sanda Nurmuhammet Andalyp adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynyň ak mermerli binasy hem-de Ruhyýet köşgi ýerleşýär.
Häzirki taryhy eýýamda Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkeziniň özgerýän ajaýyp keşbi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Watanymyzyň ähli künjeklerinde dürli ulgamlarda giň möçberli maksatnamalaryň we taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu gün demirgazyk sebitde durmuş, önümçilik we beýleki maksatly desgalaryň ençemesiniň gurluşygy alnyp barylýar.
Şol desgalaryň hatarynda täze ýaşaýyş jaýlary, «Türkmeniň ak öýi», saglygy goraýyş ulgamynyň edaralary, welaýatyň beýleki täze desgalary bar. Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, bu ýerde hem senagat ulgamy we obasenagat toplumy, hususy telekeçilik okgunly ösüşe eýe boldy, obada degişli düzümleri döwrebaplaşdyrmak işi dowam edýär.
Bularyň ählisi döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan hem-de ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň miwesidir. ...Milli Liderimiziň awtoulagy Daşoguz welaýatynyň baş metjidine gelýär. Mälim bolşy ýaly, bu ajaýyp bina hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 2015-nji ýylyň oktýabr aýynda açyldy.
Dört sany minaraly hem-de depesinde altynsow ýarymaý ýerleşdirilen gümmezli ajaýyp ak mermerli metjit şäheriň ajaýyp künjekleriniň birinde ýerleşýär. Onuň golaýynda seýilgäh toplumy bar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow 2013-nji ýylda bu toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
Metjidiň binasy türkmen milli binagärliginiň iň gowy däpleriniň esasynda, şeýle hem öňdebaryjy tehnologiýalary, täsin binagärlik we bezeg çözgütlerini ulanmak arkaly guruldy. Metjidiň içki bezeginde sebitiň çäginde ýerleşýän taryhy ýadygärlikleriň bezegine çalymdaş nagyşlar ulanyldy. Metjidiň içki otaglary keramatly Gurhandan süreler bilen bezeldi. Binanyň aşaky bölegi granit bilen örtüldi.
Metjidiň merkezi gümmeziniň diametri 38 metre, beýikligi 40 metre, dört minaranyň her biriniň beýikligi bolsa 63 metre barabardyr. Bu metjitde bir wagtda 3000 adam namaz okap bilýär. Onuň ýokarky gaty zenanlar üçin niýetlenendir. Metjidiň gümmezleriniň hem-de minaralaryň üsti örtülende, ähli howa şertlerine — tomsuň jöwzasyna hem-de gyşyň aýazyna durnukly döwrebap serişdeler ulanyldy. 60 müň inedördül metr meýdanda ýerleşen toplumyň çäginde 1500 orunlyk sadaka berilýän bina, degişli kömekçi desgalar we beýlekiler bar. Bu ýerdäki üç gatly myhmanhanada myhmanlaryň göwnejaý ýaşamagy üçin ähli şertler döredildi. Bu myhmanhana bir wagtyň özünde 200 adamy kabul etmäge niýetlenendir.
Daşoguzyň ajaýyplyklarynyň biri bolan welaýatyň baş metjidi binagärligiň gözelligi we bezeginiň täsinligi bilen haýran galdyrýar. Toplumyň tutuş çägi abadanlaşdyryldy, bagy-bossanlyga büreldi hem-de döwrebap yşyklandyryş ulgamy bilen üpjün edildi. Özboluşly yşyklandyryş ulgamynyň ulanylmagy netijesinde, agşamlaryna metjit has-da ajaýyp görnüşe eýe bolup, özüniň köpöwüşginliligi hem-de ägirtligi bilen haýran galdyrýar.
Bu metjit milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň, ýurdumyzda raýatlaryň Konstitusiýa tarapyndan kepillendirilen hukuklarynyň we azatlyklarynyň, şol sanda dine ynanmak baradaky hukuklarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmeginiň-de aýdyň nyşanydyr.
Bu ýerde hormatly ýaşulular bilen bolan söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde ýurdumyzda ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, senagat mümkinçiliklerini artdyrmak, durmuş düzümini döwrebaplaşdyrmak, sebitleri toplumlaýyn ösdürmek, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz hormatly ýaşululara döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan şanly wakalara işjeň gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, welaýatyň çäginde doganlyk halklaryň wekilleriniň, hususan-da, özbek doganlarymyzyň agzybirlikde ýaşaýandyklaryny we zähmet çekýändiklerini kanagatlanma bilen belledi. Milli Liderimiz baý milli taryhy-medeni we ruhy mirasy aýawly saklamakda, ýaş nesli hakyky watançylyk, ýokary ahlaklylyk we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekde ýaşulularyň bilelikdäki tagallasynyň ähmiýetlidigini belledi.
Milli Liderimiz şu pursatda diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş sebitiň halklarynyň söýgüli şahyry hökmünde ykrar edilen Kerim Gurbannepesowyň döredijiliginden bir bent goşgyny ýatlady:
 Dostuň bürgüt bolsa — daglara elter,
Dostuň bilbil bolsa — baglara elter,
Dostuň elguş bolsa — bir oba elter.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu gün türkmen topragynda doganlyk halklaryň wekilleri bir maşgala bolup, parahatçylykda we jebislikde ýaşaýarlar, agzybirlikli zähmetiň hözirini görýärler.
Şeýle hem milli Liderimiz türkmen ilinde biri bilen duz-emek bolmak gatnaşyklarynyň has-da belentde tutulýandygyny belläp, bir saçagyň başynda duz iýmegiň agzybirlikden, bitewülikden we ýagşy dessurlara bolan umumy gatnaşykdan ybaratdygyny aýtdy. Halkymyzda birek-birek bilen gowy gatnaşykdadygyňy aňlatmak üçin, «Men onuň bilen köp wagtlap duz iýşendirin” diýlen jümle ulanylýar. Munuň özi saçak başynda bile oturmagyň aýratyn hormatdygyny alamatlandyrýar.
Öz nobatynda, bu ýerde guralýan çärä gatnaşýan doganlyk özbek milletiniň ýaşululary döwlet Baştutanymyza welaýaty ösdürmek meselelerine hemişe uly üns berýändigi, Watanymyzyň we halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine amala aşyrýan ägirt uly işleri, ýaşuly nesil barada hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de hormatly Prezidentimize iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Soňra döwlet Baştutanymyz metjide bardy.
Türkmenistanyň müftüsi ýurdumyzyň abadançylygyny, türkmen halkynyň agzybirligini we jebisligini, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny hem-de köpugurly işinde üstünlikleriň hemra bolmagyny Beýik Biribardan dileg edip, aýat-töwir okady.
Şu gün Daşoguz welaýatynyň baş metjidinde milli Liderimize Mekgeden ýadygärlik sowgady hökmünde iberilen keramatly Käbäniň ýazgysy bolan örtük goýuldy.
Bu ýerde şeýle hem keramatly teperrik goýuldy. Mälim bolşy ýaly, bu mukaddeslik ähli sebitleriň ilatynyň tagzym etmegi üçin ýurdumyzyň ähli metjitlerinde goýulýar.
Hormatly ýaşulular mukaddeslikleri ýüze sylyp, Beýik Biribardan hajy Arkadagymyzyň ähli asylly başlangyçlarynyň üstünlikli amala aşmagyny dileg etdiler.
Soňra hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň müftüsi we Daşoguz welaýatynyň baş metjidiniň ymamy bilen bilelikde metjidi synlap, onuň binagärlik we bezeg aýratynlyklary, bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy. Türkmen halky ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine ygrarly bolmak bilen, ruhy mukaddesliklere aýratyn sarpa goýýar. Bu asylly däpler häzir hem mynasyp dowam etdirilýär.
Milli Liderimiz metjitden çykyp, sadaka bermek üçin niýetlenen bina tarap ugraýar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň jöwher paýhasyndan kemal bolan, Türkmenistana, onuň gadymy we şu günki taryhyna, baý medeni mirasyna, mähriban topragymyzyň tebigatyna bagyşlanan ajaýyp eserlerinden düşen galamhakynyň serişdeleriniň hasabyna sadaka berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, ýurdumyzda ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän däplerine uly sarpa goýulýandygyny, ruhy baýlyklaryň goralyp saklanylýandygyny nygtady. Munuň üçin ähli şertler döredilýär. Welaýatlarda metjitleriň gurulmagy bolsa, bu däpleriň dowam etdirilýändigini aýdyň görkezýär.
Mälim bolşy ýaly, biz ýakynda Lebap we Mary welaýatlarynda täze gurlan metjitlere baryp gördük diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Ine, bu gün hem Daşoguz welaýatynyň baş metjidinde ata Watanymyzyň rowaçlygy, il-günümiziň abadançylygy we asudalygy üçin sadaka berýäris.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen we özbek halklaryny gadymdan gelýän dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Ine, şu gün hem biz bir saçagyň başynda agzybirlikde jem bolup otyrys.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary boýunça uly ösüşleri gazanyp, dünýäde ýokary depginler bilen ösýän ýurtlaryň birine öwrülýär. Döwletimiziň gazanýan üstünliklerine Diýarymyzyň ähli welaýatlary hem saldamly goşant goşýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Daşoguz welaýaty hem ähli ugurlar boýunça ýokary netijeleri gazanýar. Mukaddes Daşoguz topragy barha gülläp ösýär we özgerýär.
Welaýatda önümçilik hem-de medeni-durmuş maksatly binalar we desgalar yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Indi ähli amatlyklary bolan täze şäherçeler, ýaşaýyş toplumlary, mekdeplerdir çagalar baglary, sport desgalary, aýna ýaly köçeler obadyr şäherlerimize görk berýär.
Biz bu işleri mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda halal zähmetiniň hözirini görüp ýaşamagy üçin edýäris. Geljekde hem şeýle syýasaty yzygiderli alyp bararys, il-günümiziň abadançylygy we bagtyýarlygy üçin ähli şertleri dörederis diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Daşoguzyň bereketli topragy bar. Welaýatyň daýhanlary ýylyň-ýylyna pagtanyň, gallanyň we beýleki ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Nowruzyň gelmegi bilen, welaýatda daýhanlaryň durmuşynda gyzgalaňly döwür başlandy. Pagtaçylar üçin örän möhüm möwsüm — gowaça ekişi ýetip geldi. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, welaýatyň daýhanlarynyň şu ýyl hem toprakdan bol hasyl alyp, gowy netijeleri gazanjakdygyna ynam bildirdi.
Soňra milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bitaraplyk dost-doganlyk diýmekdir, hoşniýetli goňşuçylyk, asuda we abadan durmuşdyr. Biz berkarar döwletimiziň bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, Ýer ýüzüniň ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürýäris. Parahatçylyk we ynsanperwerlik syýasatyny alyp barýarys.
Hormatly Prezidentimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, şu ýyl ýurdumyzyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny alanyna 25 ýylyň dolýandygyny belledi. Şoňa bagyşlap, 2020-nji ýyly «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýip yglan etdik. Bu şanly sene mynasybetli, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda köp sanly möhüm çäreleri geçirmegi göz öňünde tutýarys.
Daşoguz topragy hem merdana ata-babalarymyzyň gadymy mekanlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň çäklerinde gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan taryhy we medeni ýadygärlikleriň ençemesiniň ýerleşýändigini belledi. Gadymy Köneürgenç şäheri, beýik pir Nejmeddin Kubranyň ýadygärligi, keramatly 360 piriň ýatan topragy dünýä belli keramatly ýerlerdir. Bu gün Diýarymyzyň ilatyna mukaddes we keramatly ýerlerimize zyýarat etmek üçin ähli şertler döredildi.
Türkmen halky hemişe dinini, däp-dessuryny gorap, milliligini saklap gelýän halkdyr. Şundan ugur alyp, döwletimiz raýatlarymyzyň islän dinine uýmagy, däp-dessurlarymyzy erkin berjaý etmegi, halal zähmet çekip, eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy üçin ähli şertleri döredýär diýip, milli Liderimiz nygtady.
Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň müftüsine söz berdi. Ol tebärek çykandan soň, nahar çekildi. Tagam dadylyp, aýat-töwir edildi.
Sadakanyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip:
— Şu günki berlen sadaka, edilen aýat-töwirler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Goý, türkmen topragynda hemişe parahatçylyk, agzybirlik we asudalyk bolsun! — diýdi.
Soňra milli Liderimiz ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatynda bolmagynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Şol gün metjitde hormatly ýaşulularyň hem-de ilatyň gatnaşmagynda juma namazy okaldy.
Doga-dilegler edilenden soň, oňa gatnaşanlar metjitde goýlan mukaddesliklere tagzym etdiler. Munuň özi mukaddesliklere uly sarpa goýmak babatdaky asylly däpleriň dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Daşoguz welaýatynyň baş metjidine awtoulag sowgat berildi. Türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan dessuryna görä, bu awtoulagyň üstüne un sepildi hem-de üzärlik tütedildi, ýagşy dessurlara eýerilip, alaja dakyldy
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň