Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

20:4027.03.2020
0
1221

Şu gün – 27-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Iki ýurduň döwlet Baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, däp bolan dostlukly döwletara gepleşiklere ýokary baha berdiler. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýetini bellediler, şeýle-de sebitara we halkara derejesindäki hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.   

Türkmenistanyň Prezidenti telefon arkaly söhbetdeşlikde goňşy döwletiň Baştutanyna şu gün Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyrandygyny, şol ýerde hem özbek diasporasynyň wekilleri bilen duşuşandygyny, gyzgyn we manyly söhbetdeşliklerinde olaryň ýaşaýşy, gündelik durmuşy barada gürleşendigini aýtdy.  Şeýle-de, özbek wekilleriniň ýurduň syýasy, ykdysady we medeni durmuşyna işjeň gatnaşýandyklaryny kanagatlanma bilen belledi.

Özbegistanyň Prezidenti Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa döwletara gepleşikleri güýçlendirmek we giňeltmek meselesine hemişe üns berýändigi üçin minnetdarlyk bildirip, iki halkyň umumy taryhynyň, ruhy we medeni kökleriniň, dostluk däpleriniň has uzaklardan gözbaş alýandygyny, olaryň häzirki döwürde hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda täze derejelere göterilýändigini belledi.   

Dürli ugurlarda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň birnäçe ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşylan telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew birek-birege we iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlary beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň