Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça milli guramasy 6 ýaşady

12:4127.03.2020
0
2563
Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça milli guramasy 6 ýaşady

27-nji martda Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça milli guramasy (TÇŞBBMG) döredilmeginiň alty ýyllygyny belleýär . Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň resmi web saýty habar berýär.

Gurama  Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kararyna laýyklykda 2014-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda onuň agzalarynyň esli bölegini TSTB-niň wekilleri düýär. Bu gurama ISO 9001: 2015 standartynyň talaplaryna laýyk gelýän we halkara hyzmatdaşlyk şertlerinde täze mümkinçilikleri açýan Türkmenistandaky ilkinji jemgyýetçilik edarasydyr.

Soňky ýyllarda TÇŞBBMG milli ykdysadyýetde kanuny bazar mehanizmleriniň ornaşdyrylmagynda we içerki önümler üçin dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrýan gurluş hökmünde öz ornuny berkitdi. Harytlary we hyzmatlary awtomatiki kesgitlemek ulgamynda öňdebaryjy tejribäni ulanmak we halkara söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ep-esli işler edildi.

2015-nji ýylyň maý aýynda Milli Çyzykly şertli belgiler guramasy bitewi ülňüleri döretmek we durmuşa geçirmek boýunça halkara guramanyň doly agzasy boldy.  Häzirki wagtda bu gurluşyň alyp barýan işleri netijesinde Türkmenistanda öndürilen önümleriň hemmesi çyzykly şertli belgiler bilen bellendi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň