Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ-nyň ilçihanasy 28-nji martda amerikan raýatlaryny Türkmenistandan alyp gitmek çäresini gurnar

23:3826.03.2020
0
15539

ABŞ-nyň Döwlet Departamenti Türkmenistandaky amerikan raýatlaryna gysga wagtda öz watanyna dolanmagy maslahat berýär.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy 28-nji martda Türkmenistandan ABŞ-a çarter uçuşyny guramagyň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Watanyna dolanmak isleýän amerikan raýatlarynyň gyssagly ýagdaýda AshgabatUSCitizen@state.gov elektron salgysy boýunça habarlaşmagy soraldy. Şeýle hem raýatlar şol salgy boýunça soralýan resminamalary ugratmaly.

Biz ozal 28-nji martda Türkmenabatdan Moskwa hem çarter uçuşynyň amala aşyryljakdygyny habar beripdik.

Türkmenistan öz raýatlaryny hem daşary ýurtlardan, esasan-da, koronawirus epidemiýasynyň ýaýran ýurtlaryndan getirmek boýunça işleri dowam etdirýär. Ýurdumyza getirilýän raýatlarymyzyň arasynda dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetlerinde okaýan talyplar hem bar. Türkmen raýatlaryny Türkiýeden, Russiýadan, Belarusdan we beýleki ýurtlardan getirmek üçin ýörite uçuşlar guraldy. Häzirki wagtda degişli edaralar tarpyndan uçuşlaryň täze ugurlary hem işlenip düzülýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň