Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň ilçihanasy 28-nji martda Türkmenistandaky rus raýatlarynyň Watanyna dolanmagy üçin ýörite uçuşy gurnar

16:2125.03.2020
0
14996

Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistandaky watandaşlaryna gysga wagtda Russiýa dolanmagy maslahat berýär.

Munuň üçin 28-nji martda Türkmenabat ― Moskwa aralygynda çarter howa gatnawy ýola goýlar. Ilçihana öýlerine dolanmak isleýän Russiýanyň raýatlaryndan +99361981168 telefon belgisi boýunça gyssagly habarlaşmagy haýyş edýär.

17-nji martda iki ýurduň arasyndaky howa gatnawlarynyň wagtlaýyn ýatyrylandygy sebäpli, Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasy  rus raýatlarynyň  Türkmenistandan Watanyna wagtlaýyn gaýdyp barmak mümkinçiligine seredilýändigini habar beripdi.

«RIA Nowostiniň» habaryna görä, Russiýanyň ilçihanasy Moskwa uçmak isleýänleriň umumy sanynyň takmynan 100 adama barabardygyny aýdypdy. Şeýle-de bolsa, ilçihana Türkmenistanda wagtlaýynça ýaşaýan rus raýatlarynyň has köpdügini öňe sürýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň