Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan koronowirusa garşy göreş çärelerini güýçlendirýär

05:0425.03.2020
0
39716
Türkmenistan koronowirusa garşy göreş çärelerini güýçlendirýär

Henize çenli koronowirus bilen bagly ýekeje hadysa hem hasaba alynmadyk Türkmenistanda howply COVID-19 wirusynyň ýurda girmeginiň öňüni almak üçin hem çäreler güýçlendirilýär.

«Jeyhun.news» maglumat beriş we seljeriş portalynyň ýazmagyna görä, Aşgabatda we ýurduň beýleki köp ilatly ýerleriniň ýakynynda goşmaça gözegçilik nokatlary döredildi. Uly şäherlere we ilatly ýerlere girmezden ozal, sürüjileriň ýa-da ulaglaryň ýolagçylarynyň bedeniniň gyzgynlygy infragyzyl termometrler bilen ölçelýär. Bu ätiýaçlyk içerki uçuşlaryň ählisindäki ýolagçylara hem degişlidir.

Koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin 2020-nji ýylyň 20-nji martyndan 20-nji apreline çenli Türkmenistanyň milli serhedi daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar üçin çäklendirildi.

Bellenilen döwürde zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda degişli kadalara we düzgünlere laýyklykda Türkmenistanyň çägine girip biljekler:

― daşary ýurt diplomatlary, halkara guramalarynyň wekilleri;

― uçarlaryň we gämileriň ekipažlary;

― halkara tranzit gatnawy bilen meşgullanýan awtoulag sürüjileri;

― demir ýol işgärleriniň toparlary;

Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän işewürlik kärhanalarynyň daşary ýurtly wekilleri.

Bellenen döwürde Türkmenistana baryp görmek isleýänleriň arasynda koronawirusyň ýoklugyny tassyklaýan şahadatnama bolmaly. Şahadatnamasy bolmadyk raýatlar gandaky COVID-19 wirusyny anyklamak üçin barlaghanalardan geçmeli.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň tekliplerine laýyklykda we Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň buýrugy boýunça Türkmenistanyň Futbol federasiýasy howandarlygyndaky ähli ýaryşlary, şol sanda ýurduň milli çempionatyny belli bir wagta çenli togtatdy .

Mekdeplerde şahsy arassaçylygyň ähmiýeti, esasanam, sabyn bilen el ýuwulmagy bilen bagly çagalara düşündiriş işleri geçirilýär.

Ýerli metbugat BSGG, ÝUNISEF we Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralarynyň ýokanç keselleriň öňüni alyş çärelerini berjaý etmek baradaky tekliplerini yzygiderli çap edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň