Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti S.Lawrowy 70 ýaşy bilen gutlady

22:2321.03.2020
0
9326

Türkmenistanyň Prezidenti  Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

Döwlet Baştutany Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysynyň ýokary hünär ussatlygyny hem-de uly syýasy tejribesini belläp, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandy üçin çuňňur minnetdarlyk, şeýle hem özara düşünişmegiň we ynamyň köpýyllyk ýörelgelerine daýanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekde hem pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Sergeý Lawrowa jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň