Soňky habarlar

Arhiw

Koronawirus pandemiýasyna garşy nädip göreşmeli

14:3221.03.2020
0
26529

2020-nji ýylyň 11-nji martynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy COVID – 19 diýlip atlandyrylýan wirusy pandemiýa diýip yglan etdi, şonuň üçin-de bu meselä ünsi güýçlendirmek örän möhümdir.

Dünýä ýüzündäki ýiti ýokanç kesel bilen bagly çylşyrymly ýagdaýlarda Türkmenistan wirusyň ýurda girmek howpuny aradan aýyrmak üçin birnäçe howpsuzlyk çärelerini geçirdi. Hytaýda wirusyň ýaýramagy bilen baglanyşykly ýanwar aýynyň ahyrynda “Türkmenhowaýollary” ýolagçylaryň howpsuzlygy üçin Pekine we Bangkoga uçuşlary wagtlaýynça ýatyrdy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habaryna görä, şol döwürde ýurduň çägini, serhetýaka sebitlerini wirusyň ýaýramagyndan goramak üçin sanitariýa-karantin merkezleri döredildi. Şeýle-de sebit sanitariýa-epidemiologiýa hyzmatlaryna gözegçilik güýçlendirilipdi.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy 13-nji martda Ýewropany pandemiýanyň merkezi diýip yglan edeninde, Stambula, Dubaýa we Ýewropa şäherlerine howa gatnawlary wagtlaýynça togtadyldy. Uçuşlar ýatyrylmazdan ozal Türkmenistana gelýän ähli ýolagçylar karantin gözegçiliginde boldular. Häzirki günlerde serhet geçelgeleriniň ählisinde raýatlaryň saglyk ýagdaýyna berk gözegçilik amala aşyrylýar. Ýokanç keselleriň öňüni almak üçin gözegçilik nokatlarynda anyklaýyş enjamlarynyň talabalaýyk işlemegi gazanylýar.

Türkmenistanyň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 30-njy ýanwarda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, paýtagtyň we welaýatlaryň häkimleriniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, käbir degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň agzalarynyň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda Türkmenistanda keselleriň peýda bolmak howpuny ep-esli azaldýan degişli öňüni alyş çäreleriniň tutuş toplumynyň geçirilýändigini nygtady.

 Adamlar dünýädäki bolup geçýän ýagdaýlara görä, serhetleriň ýapylmagy sebäpli zerur bolan azyk we senagat harytlary bilen üpjünçiligiň bes edilmeginden howatyrlanýarlar. Netijede, gytçylyk ýagdaýyny emeli usulda döredip, ätiýaçlygy elden bermezlige synanyşýarlar. Şeýle ýagdaýda käbir adamlar koronawirus meselesini öz maksatlaryna ýetmek üçin gural hökmünde ulanyp, şuňa meňzeş ýagdaýy bilkastlaýyn çişirýärler.

Bu mesele boýunça howsala düşmäne esas ýok. Türkmenistanda import-eksport maksatnamasy birnäçe ýyl bäri netijeli hereket edip gelýär. Içerki telekeçiler we ýurtdaky kompaniýalar ýeterlik mukdarda azyk we senagat önümlerini, zerur bolan derman serişdelerini öndürýärler. Bu ugurda ýurduň hususy kärhanalarynyň gazanan  üstünlikleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ýakynda geçirilen sergisinde hem görkezildi.

Häzirki wagtda ýurtda zerur dermanlar we lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek üçin ähli çäreler görüldi. Türkmenistan “Wektor” kärhanasy tarapyndan işlenip düzülen Russiýanyň "Rospotrebnadzor" gullugyndan COVID – 19 wirusyny anyklamak üçin niýetlenen enjamlary aldy.  

Lukmanlar köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde raýatlara ýokanç kesellerden goranmak, olaryň  öňüni almak, şeýle-de COVID – 19-iň dünýäniň köp ýurdunda ýaýramagy bilen bagly döreýän howsalalary aradan aýyrmak üçin yzygiderli maslahatlary berip, wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar.  

Aşakdaky ýönekeý düzgünleri berk berjaý etmek bilen ýokanç kesellerden goranyp bilersiňiz:

  • Köp adamly ýerlere barmakdan gaça duruň;
  • Şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý ediň: elleriňizi sabyn bilen gowy ýuwuň, el antiseptiklerini, oksolin melhemini ulanyň;
  • Köpçülik ýerlerinde bolanyňyzda, elleriňizi ýüzüňize, burnuňyza ýa-da gözüňize degirmäň;
  • Otagyňyzy wagtly-wagtyna  şemalladyň;
  • Salamlaşmagy çäklendiriň;

​Howa gatnawlarynyň ýapylmagy netijesinde köpleriň garyndaşlary we dost-ýarlary  daşary ýurtlarda wagtlaýynça galmaly bolandyr. Bu ýagdaýda olara öz howpsuzlygyny berjaý etmek üçin şahsy arassaçylygyna ünsi güýçlendirmek, köpçülikleýin ýerlere barmazlyk barada duýduryş bermek maslahat berilýär.

“InAşgabat” habarlar portalynyň habaryna görä, Türkmenistanda öz wagtynda görülen çäreler sebäpli şu güne çenli ýekeje-de koronawirus ýokaşmasy hasaba alynmady.

Geçen ýylyň dekabrynda COVID – 19 wirusynyň ilkinji gezek Hytaýyň merkezi Hubeý welaýatynyň Wuhan şäherinde tapylandygyny  ýatladýarys. 2019-njy ýylyň 31-nji dekabrynda Hytaý hökümeti näbelli pnewmoniýanyň ýaýramagy barada BSGG-a habar berdiler.

BSGG-nyň maglumatlaryna görä, 21-nji martda ýokanç keselleriň sany: 272.068, aradan çykanlaryň sany 11302, gutulanlaryň sany: 90,618.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň