Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Russiýanyň arasyndaky howa gatnawy togtadyldy

23:0118.03.2020
0
36279

Türkmenistan we Russiýa özara howa gatnawlaryny wagtlaýyn togtatdy. Bu karar Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň döwlet howpsuzlygyny üpjün etmek, jemgyýetiň saglygyny goramak we täze koronawirus ýokanjyny ýaýratmazlyk maksady bilen, Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Russiýa girmegini wagtlaýyn (18-nji martdan 1-nji maý aralygynda) bes etmek baradaky karary bilen baglanyşykly kabul edildi. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi web saýtynda habar berilýär.
«Türkmenowaýollary» «Türkmenportalyň» habarçysyna beren habarynda Russiýa bilen howa aragatnaşygynyň aprel aýyna çenli togtadylandygyny tassyklady.
Türkmenistanda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň tekliplerine laýyklykda we milli kanunçylygy göz öňünde tutup, howply ýokanç keselleriň ýurda girmeginiň öňüni almak üçin zerur çäreler öz wagtynda görülýär. Ýakynda Daşary işler ministrliginde geçirilen brifinde bu howply kesel bilen bagly Türkmenistanda ýekeje hadysanyň hem bellige alynmandygy aýdyldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň