Soňky habarlar

Arhiw

«Yhlasly» hojalyk jemgyýeti Türkmenistana döwrebap oba hojalyk tehnikalaryny getirýär

15:5918.03.2020
0
14491

Türkmen hususyýetçileri ýuduň oba hojalygyny ösdürmäge hem yzygiderli goşant goşýarlar. Ynha, «Yhlasly» hojalyk jemgyýetiniň wekilleri Türkiýeden getirip, Türkmenistanda satuwyny ýola goýan ekiji tehnikalary bilen ilkinji gezek TSTB-niň döredilmeginiň 12 ýyllygyna bagyşlanan sergisinde tanyşdyrdylar.

Hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri ekiji tehnikalary getirmezden ozal oba hojalykçylaryň ösen isleglerini öwrendiler. Hut, şonuň üçin hem olaryň isleglerini kanagatlandyrýan we toprak, howa şertlerine laýyk gelýän tehnikalar saýlanyp alyndy. Tehnikalar barada hojalyk jemgyýetiniň sergä gatnaşan wekilleri şeýle gürrüň berdiler:

― Ýekeje tehnika daýhanlara gowaça, mekgejöwen, mäş ýaly ösümlikleriň dokuz görnüşini ekmäge mümkinçilik berer. Tehnikalarda setirleriň aralygyny islenilýän talaplara laýyk getirmek we olaryň üýtgewsizligini üpjün etmek hem juda ýeňildir. Diňe ekiş däl, bu tehnikalar ekini suwlamak ýa-da dökünlemek işleri üçin hem ýaramly. Şonuň üçin oba hojalykçylar ýekeje tehnikany satyn almak bilen birnäçe işi şonuň kömegi bilen ýerine ýetirip bilerler. Bu bolsa olary artykmaç çykdajy etmekden halas eder.

Biz heniz hem daýhanlaryň isleglerini öwrenmegi dowam edýäris. Işlerimizi hem giňeltdik. Diňe tehnika getirip satmak bilen çäklenmän, eýsem, oba hojalygy, onda döwrebap tehnikalary peýdalanmak bilen bagly gymmatly maslahatlary hem berýäris.

Hojalyk jemgyýetimiziň esasy maksatlarynyň biri hem döwrebaplykdan yza galmazlykdyr. Bu bolsa ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň hem döwür bilen deň gadam urmagyny üpjün eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň