Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyr» ýoldaşlyk duşuşygynda Lwowyň «Ruh» toparyndan ýeňildi

11:2408.03.2020
0
5602

«Altyn asyr» futbol topary Türkiýede dowam edýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda nobatdaky ýoldaşlyk duşuşygyny Ukrainanyň «Ruh» topary bilen geçirdi. Duşuşykda türkmen futbolçylary 2:5 hasabynda garşydaşlaryndan asgyn geldiler. Bu barada «Ruhuň» resmi saýtynda habar berilýär.

«Ruh» Lwow şäherine wekilçilik edýän futbol toparydyr. 2019-njy ýylda çenli ol Winniki şäherçesine degişlidi. Topara 2016 ― 2017-nji ýyllaryň futbol möwsüminde professional dereje berildi. Şol ýyl topar Ukrainanyň Ikinji ligasynyň kümüş medalyna mynasyp boldy. Häzir «Ruh» Birinji ligada ýaryşýar.

Mundan ozal «aragatnaşykçylaryň» Slowakiýanyň «Spartak» (1:1), Russiýanyň «Akron» (2:2) we Belarusyň toparlary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň