Soňky habarlar

Arhiw

«Napoli» Serdar Azmun bilen gyzyklanýar

20:2006.03.2020
0
7609

Italiýanyň çempionatynyň öňdebaryjy wekilleriniň biri bolan «Napoli» Sankt-Peterburgyň «Zenit» futbol toparynyň hüjümçisi, eýranly türkmen Serdar Azmun bilen gyzyklanýar. Bu barada «Corriere dello Sport» neşiri habar berýär.

Habarda aýdylyşy ýaly, neapollylaryň sport direktory Kristiano Juntoli 25 ýaşly Serdar Azmunyň oýnuna tomaşa etmek üçin öz wekillerini ýollady. Azmun ýakyn wagtda italiýan toparyna geçip biler.

Serdar Azmun «Zenidiň» düzümine 2019-njy ýylyň gyşynda goşuldy. Onuň topar bilen 2022-nji ýylyň tomsuna çenli şertnamasy bar. Oýunçynyň transfer bahasy 18 million ýewro.

Serdar Azmun Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň we Sankt-Peterburgdaky «Mekan» türkmen medeniýeti merkeziniň hem agzasydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň