Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky Rus drama teatrynda «Açyk gapylar» güni geçirildi

11:5704.03.2020
0
4921

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rus dili we edebiýaty fakulteti tarapyndan A.S.Puşkin adyndaky Rus drama teatrynda adaty bolmadyk «Açyk gapylar» güni geçirildi. Oňa paýtagtdaky mekdepleriň okuwçylary bilen bir hatarda sungat işgärleri hem gatnaşdylar.

Dabaralaryň çäginde oňa gatnaşýan okuwçylara TMDDI-de alnyp barylýan okuw işleri barada prezentasiýa görkezildi. Institutdaky okuw işleri bilen tanşan okuwçylar talyplar bilen sowal-jogap alyşdylar. Fakultetiň talyplary A.S.Puşkin adyndaky Rus drama teatry bilen hem ýakyn aragatnaşykdadyr. Olar bu ýerde görkezilýän sahna eserlerine ýygy-ýygydan gelýärler.

Dabara gatnaşyjylara teatryň gaznasyndan birnäçe eserlerden bölekler hem görkezildi. Bu ýere gelen okuwçylaryň köpüsi şu ýyl bu institutyň talyby bolmak üçin dalaş etjekdiklerini aýtdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň