Wolgogradda türkmen talyplarynyň futbol we folklor toparlary döredildi

21:1803.03.2020
0
4462

Şu gün Wolgogradyň döwlet jemgyýetçilik-mugallymçylyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Astrahandaky konsullyk edarasy tarapyndan bu ýerde bilim alýan türkmenistanly talyplaryň «Mekan» futbol we «Bitaraplyk» folklor topary döredildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Bu waka «Mekan» topary bilen WDJMU toparynyň arasyndaky futbol duşuşygy we «Bitaraplyk» folklor toparynyň täsirli çykyşlary bilen utgaşdy.

Şeýle hem, Türkmenistanyň konsullygy tarapyndan Wolgograd döwlet jemgyýetçilik-mugallymçylyk uniwersitetinde we Wolgograd döwlet tehniki uniwersitetinde «Türkmenistan ― Bitaraplygyň mekany» diýlen tema boýunça leksiýa okaldy. Olarda uniwersitetleriň rektorlary çykyş edip, şeýle wakalaryň türkmen-rus ynsanperwer hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek nukdaýnazaryndan möhümdigini bellediler.

Russiýa tarapy, Russiýa Federasiýasynda okaýan türkmen talyplaryna berýän goldawy üçin Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk hatyny iberdi. Hatda türkmen ýaşlarynyň arasyndan ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamagy dowam etdirmek, şeýle hem Türkmenistandaky uniwersitetler bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek islegleri beýan edildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň